Lebap welaýat kitaphanasynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen sergi guraldy. Bu ýerde esasanam Garaşyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler, her ýylyň mynasyp şygara beslenmegi, durmuşa geçirilýän wakalaryň mazmunynda uly orun eýeleýändigi, bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyrýan işleriniň netijesi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada kitaphana işgärleri tarapyndan giň gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn edip ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.