Şu günler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda täze 2026-njy şygary “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlap dabaraly çäreler, maslahatlar yzgiderli geçirilýär. Dänew etrap merkezi kitaphanamyzda hem ýaşlaryň arasynda ýylyň şygarynyň many mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen dabaralay maslahatlar, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Kitapghanamyzyň “Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän” bölüminiň gurnamagynda öňde baryjy okyjylaryň gatnaşmaklarynda “Çagalar – Watanymyzyň röwşen geljegi” ady bilen çagalar ertirligi geçirildi. Çykyşlarda gatnaşyjylar Şeýle çuň mazmunly şygar bilen dabaralanýan ýylda halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk taryhy senesini giňden toýlar diýip bellediler. Çünki Garaşsyzlyk Watanymyzyň sarsmaz binýadydyr, abadan bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Halkymyz üçin döretmäge, gurmaga güýç-kuwat berip, beýik maksatlara ruhlandyrýan mukaddes düşünjedigi barada ýaşlara wagyz etdiler. Gatnaşyjylar özleriniň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan goşgular aarkaly alkyşlaryny beýan etdiler.