“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda Dänew etrap merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda etrabymyzyň № 6-njy orta mekdebiniň mugalymlarynyň, ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Bedew, şan- şöhratyň garaşsyz Watan!” atly mowzuk agşamy geçirildi. Çykyşlarda bedew batly okgunly ösüşleri bilen tanalýan Garaşsyz, baky , Bitarap Diýarymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy indi asylly däbe, özboluşly ýörelgä öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu ýörelge ýurdumyzyň ösüşinde esasy ugurlary pugtalandyrmak bilen birlikde, halkymyzyň şöhratly taryhynda gazanan milli gymmatlyklaryna bolan egsilmez buýsanjy aýdyň şöhlelendirýär. Halkymyzyň umumyadamzat medeni ösüşine goşan mynasyp goşandy bolan bedewlerimiz, Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýçdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa ahalteke bedewlerimiz barada şeýle diýýär: “Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly baýlygydyr”. Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, uçar ganatydyr, wepaly ýoldaşydyr. Ahalteke atlary watanymyzyň ösüş we özgertmeler ýolunda gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşany bolup durýar. Olaryň ýyndamlylygy okgunly ösüşlerimiziň badyna deňelýär diýip uly buýsanç bilen belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly nakyllardyr , atalar sözleriniň ýygyndysynda “At agynan ýerde toý bolar” diýenem bir nakyl bar. Bu nakylda türkmen halkynyň gojaman taryhynyň uzak uzak menzillerinde ýol uçar ganaty bolup gelen bedew atynyň aýagynyň düşümlidigine, milletiň ýagşylyga ýaran hemrasydygyna guwanjy, buýsanjy beýan edilýär. Türkmen halky özüniň geçen uzyn taryhy ýollarynda ýow gününde ýoldaşy, gamly güni syrdaşy bolan bedew atyny toýly günleriniňem her bir pursadyna şärik edipdir.Türkmen bedewleri diňe bir halkyň däl, bütün adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy diýip çykyşlarda bellediler we okamana döredilýän mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreginden alkyşlaryny beýan etdiler.