Türkmenabat şäheriniň merekezi kitaphanasynyň hünärmenleriniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 61– nji çagalar bagynyň körpeje çagalary bilen bilelikde ,, Kitap ruhy hazyna’’atly kitaphana syýahat gurnaldy. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekiler okalyp, olaryň mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda rahat dynç alyp, okap öwrenmäge döredilip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.