Çaga terbiýesi

Çaga terbiýesi

Lebap welaýat kitaphanasynda ýaş körpejelerimiziň gatnaşmaklarynda çagalar ertirligi geçirildi. Bu ýerde kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen çagalary gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar. Çagalar bilen geçirilýän sorag-jogap agşamlary olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Çagalar dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz buýsançlaryny goşgular arkaly beýan etdiler.


HABARLAR