Bahar - ýazym zemin görki, Zenanlarymyz dünýäň durky

Bahar - ýazym zemin görki, Zenanlarymyz dünýäň durky

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Bahar - ýazym zemin görki, Zenanlarymyz dünýäň durky”atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä kümüş saçly enelerimiz, işjeň partiýa agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çärede ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, adamzat neslini dowam etdiriji, öz söýgüsi bilen ojagyny ýyladýan, perzentlerini mähri bilen kemala getirýän enelerimiziň zähmeti, taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gahrymançylyklary barada söhbetler edildi, şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Zenan bagtyýar-Watan owadan” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirilen ýazyjy zenan şahyrlarymyzyň el hünärlerimizi wasp edýän kitaplary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Gatnaşyjylar ajaýyp döwrimizde zenanlara goýulýan hormat, sarpa üçin döwrebap ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR