“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda “Türkmen gündogary” redaksiýasynyň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Ýollary nurly-geljegi röwşen Watanym!”atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garabekewül, Saýat etrap birleşmeleriniň başlyklary gatnaşdylar. Çykyşlarda esasan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabarasynyň uludan tutulýan günlerinde alnyp barylýan işler, geçiriýän wagyz-nesihat çäreleri dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de ýaş neslimizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserliriniň uly ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykan alkyşlaryny beýan etdiler.