Amul galasy şanly taryhdan nyşan

Amul galasy şanly taryhdan nyşan

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat, Farap etrap birleşmeleri bilen bilelikde gurnamaklarynda “Amul galasy şanly taryhdan nyşan” atly maslahat geçirildi. Bu çärä ýaşuly neslimiz, kümüş saçly enelerimiz, KA-nyň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny, milli mirasyny, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzy, kerwensaraýlarymyzy, taryhy ýadiärliklerimizi düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak babat-da uly işler alynyp barylýar. Beýik ýüpek ýolunyň esasy demirgazyk şahasy Amul galasynyň geçmişdäki ähmiýeti, ýerleşişi, häzirki wagtdaky dabaralanmasy barada gyzylky gürrüňler berildi. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Milli mirasymyz – umumyadamzat hazynasy” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmäge döredilip berilýän ähli şertleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR