Okuw maslahaty

Okuw maslahaty

Welaýatymyzda kitaphana işiniň kämilleşmegi, kitaphanalarda okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, kitaphanalara okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda uly işler alnyp barylýar. Lebap welaýat kitaphanasy tarapyndan merkezi kitaphanalaryň bitewi elektron ulgama birikmegi bilen baglylykda, elektron kitaphana ulgamynyň işlerini, enjamlara hyzmat edilişini öwretmek üçin merkezi kitaphanalaryň hünärmenleri bilen yzygiderli ýörite okuwlar geçirilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň ýörite okyjynyň ýoly boýunça jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Okyjynyň ýoly” ady bilen okuw geçirildi. Okuwda welaýat kitaphanasynyň tejribeli hünärmenleri kitaphanalarda 2016-2025-nji ýyllarda bir bitewi elektron ulgamyna ýüklenen okyjylar bilen işlemek, ýeketäk hasaba alnan okyjylary seljermek, işjeň we işjeň däl okyjylary ýüze çykarmak, okyjylary elektron katalogda hasaba almagyň usullary barada öwretdiler we okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, kitaphanalara okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda çykyşlarda bellediler, özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de elektron kitaplardan, audio kitaplardan, zurnallardan peýdalanmak isleýän okyjylar üçin täze döredilen e.kitap.gov.tm saýty barada wagyz etdiler. Gatnaşyjylar işlemäge okyjylara döwrebap hyzmatlary etmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR