“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda “Nowruz täze günüň, täze bagtyň baýramy” atly mowzulkaýyn agşamy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäheriniň №38-nji orta mekdebiniň uly synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler Milli bahar baýramy täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy, ata-babalarymyz Nowruzy - täze durmuşyň, bagyň, berekediň gözbaşy hökmünde seredenlikleri barada aýratyn bellediler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Bu gözel ilime Nowruz gelipdir” diýen ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çärede Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we türkmen halkymyzy bu mukaddes baýramy bilen tüýs ýüreginden joşup çykýan sözler bilen gutladylar.