Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwrenişý we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň kitaphanaçylarynyň gurnamaklarynda Türkmenabat şäheriniň 23-nji çagalar bagynda “Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym! ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Çäräniň dowamynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylymyza bagyşlap, Watanymyzy, tebigatymyzy bahar paslyny wasp edilýän goşgular okalyp, bahar paslynda taýýarlanylýan gadymy türkmen milli tagamy bolan semene baradaky rowaýaty okap berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Bu ajaýyp pursatlar cagalarda örän täsir galdyrdy. Ýaş körpeler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen ýürek töründen çykan alkyş sözlerini aýtdylar.