“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedew batly öňe barýan, ynamly, hyjuwly, ähliumumy abadançylyga goşant goşýan özboluşly ýoly bilen döwlet hökmünde tanalar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, özgertmeler, Watanymyzda höküm sürýän parahatçyk, abadançylyk dogrusynda söhbetler edildi. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde ýaşamana döredilip berilýän ähli şertleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.