Bagtyýar nesiller

Bagtyýar nesiller

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Köýtendag etrabynyň Gurşun-Magdan şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçylary şäherçede ýerleşýän №18 çagalar bagynda “Bagtyýar nesiller“ ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Körpeler bilen geçirilýän bu ertirlik olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, ýaşlykdan kitaba bolan söýgüniň artmagyna öz täsirini ýetirýär. Şeýle-de “Güneşli iliň geljegi röwşen” diýen at bilen kitap sergisi hem guraldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Bu bolsa güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagajyklar Watanymyza bolan ýürek joşgunlaryny goşgularyň üsti bilen wasp etdiler.


HABARLAR