Ýurdumyzda kitaphon jemgyýeti emele getirmegiň we kitaba bolan söýgini pugtalandyrmagyň öňde durýan wezipelerini üstünlikli çözmekde uly işler alynyp barylýar, okamak, öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär. Golaýda welaýat kitaphanamyza Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden köp tapgyrda täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomy türkmen dilinde gelmegi okyjylarymyzy diýseň guwandyrdy. Mundan başgada Annagylyç Mätäjiniň “Goşgular ýygyndysy” türkmen dilinde, Sapargeldi Çaryýewyň “Annagylyç Mätäji - lirikanyň ussady” monografiýasy ýaly kitaplar gelip, jemi 466 sany kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip kitap gaznasyna tabşyryldy we dessine şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlary kitaphanamyzyň elipbiý we pudaklaýyn elektron kataloklarynda ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriň, tanyşdyryş dabaralaryň, synlaryň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz ederler şeýle-de kitaplary nusgalamak we olary sesli okamak işlerini alyp bararlar. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň artmagyna kömek eder. Şu ajaýyp döwürde biziň kämil jemgyýetde döwrebap ýaşamagymyz, okamagymyz, öwrenmegimiz, ýaş nesle milli mirasymyzy mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadaymyzyň, Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowçlyklara beslensin!