Bütindünýä saglayk güni mynasybetli Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki №48-nji çagalar bakja bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeje çagalary bilen “Sagdyn durmuş – gözel ýaşaýyş” atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitaby okaldy. Çagalar uly höwes bilen diňlediler. Bu bolsa körpeleriň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetde işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýan şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Kitapda bellenilişi ýaly sport arkaly ýaş nesliň watansöýüjilik, sagdynlyk, agzybirlik ýaly ähmiýetli duýgulary ösdürilýär.