Geljege uzaýan nurana ýollar

Geljege uzaýan nurana ýollar

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Geljege uzaýan nurana ýollar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat halkara howa menziliniň, Baş bilim müdirliginiň, kitaphana işgärleri, Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny, eşretli geljegini üpjün etmek üçin uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýol gurmak, köpri gurmak uly sogap iş hasaplanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomabil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Döwlet baştutanymyz şanly waka mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurmagy, şowhunly el çarpyşmalaryň astynda toý bagyny kesip, täze ýola ak pata bermegi dabaranyň iň ýatda galyjy ýakymly pursatlaryna öwrüldi. Şeýle hem bu ýoluň ugrunda toý däp dessurlymyzy we milli mirasymyzy açyp görkezýän edebi çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzgiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Giňden we dabaraly bellenilýän baýramçylyklaryň her biri gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri aýan edýär, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygyny, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýýar. Parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, il-ýurt, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan täzeçil işleri, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli özgertmeleri beýik maksada –Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilýär diýip çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Halkymyzyň döwrebap ýaşamaklary ugrunda döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR