Göçme sergi

Göçme sergi

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş, düşündiriş we sorag-jogap” bölüminiň kitaphanaçylary S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň adyna bagyşlap hepdelik göçme kitap sergisini guradylar. Sergide Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri şeýle-de türkmeniň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimizi wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Gadamy batly bedew” kitabyndan ygyr alyp milli-ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagynda giň ýol açylandygy, milli-ruhy bitewiligi dünýä dabaralanýan Ahalteke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganaty bolandygy barada giňişleýin gürrüňler berildi. Kitap segisi talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň üsti bilen halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewe bolan garaýşymyzyň paýhas bossanyna täsin syýahat etmäge mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.


HABARLAR