Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki №15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi. Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar. Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär. Onuň şygyrýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.


HABARLAR