Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň № 30-njy çagalar bagynda ,,Baky minetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri ulydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän bakja toparynyň körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgisini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar.Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!