“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Baş bilim müdirliginiň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda uçar ganaty bolan bedewini özüniň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplanýandygy, gamyş gulak bedewlerimiz ata-babalarymyzyň durmuşynda belent hormat-sylaga eýedigi barada gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapynadan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Bu giňişleýin kitap segisinde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän eserleri ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.