Şahyry ýatlap

Şahyry ýatlap

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki №38-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlap edebiýat agşamyny geçirdiler. Gykyşlarda şahyryň ömri-döredijiligi, onuň eserlerinde, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edep-terbiýe, ahlaklylyk ýaly çuňňur many-mazmunly garaýyşlar barada gürrüňler berildi. Şeýle-de şahyryň liriki şygyrlarynda bolsa söýgi we wepalylyk, dostluk we agzybirlik, adamkärçilik, myhmansöýerlik, adalatlylyk ýaly pikirler eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär diýip bellediler.


HABARLAR