Döredijilik çarbagynyň bagbany

Döredijilik çarbagynyň bagbany

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň halk yazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybiýetli Türkmenabat şäheriniň №31-nji orta mekdebinde “Döredijilik çarbagynyň bagbany” atly edebi agsam geçirdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň mertebesini belent tutýar. Olaryň ömri-döredijiligini öwrenmäge giň mümkinjilikler açýar. Şeýle söz ussatlarynyň biri hem, türkmen edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew. Ol döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin bitiren işlerini nazarda tutsan, onda ol bir asyrlyk, on asyrlyk işiň iňňän gysga pursatlarda bitirilendigine göz ýetirýärsiň.


HABARLAR