“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäherindäki 61-nji çagalar bakja bagynda “Türkmen halk ertekilerine syýahat” atly gürrüň geçirdi. Ertekileriň esasy maksady olardaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekileriň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.