Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Konstitusiýa hem Baýdak - milli döwletliligiň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, saglyk, bilim, kitaphana işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz döwletimiziň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarygynyň kepili bolup durýar. Özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda başlarymyzyň täjine deňeýän bu mukaddesliklerimiziň gününiň goşa şanly sene hökmünde uludan bellenilmegi halkymyzyň abadan, asuda durmuşa bolan söýgüsini, şanly ösüşlere, düýpli özgerişliklere bolan ynamyny alamatlandyrýar. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň hemmämiz üçin türkmen halkynyň Watanymyzyň garaşsyzlygy bilen bagly köpasyrlyk arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolup durýar. Hut şonuň üçinem biziň her birimiz Esasy Kanunymyzyň we Döwlet Baýdagymyzyň gününe mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän, raýatlarymyzy jebisleşdirýän hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrýan milli baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys diýip uly buýsanç bilen çykyşlarda bellenildi. Asuda ýurdumyzda abadan ýaşamak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.