Kitaphanalar paýhaslar hazynasy

Kitaphanalar paýhaslar hazynasy

Lebap welaýat kitaphanasy welaýatyň şäher, etrap kitaphanalarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şärer merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda kitaphana işiniň ilerlemegi üçin ýörite okuw geçirdi. Bu ýerde esasanam çagalar bagynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň, çagalar ertirlikleriň alynyp baryşy, gurnalyşy barada aýratyn düşündirildi. Okalýan türkmen halk ertekileriň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ýetirmek bolup durýandygy, körpeleriň edepli, ula hormat goýup kiçä sylagly bolmalydygy, kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy, şeýle-de kitaplaryň çagalary terbiýelemekde uly orny barada, gurnalýan çärelerde döwrebap işi alyp barmak boýunça gyzykly, täsirli sorag-jogap alyşdylar. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şeýle-de kitaphanalarda okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işiň depginini güçlendirmeginiň üstünde durup geçdiler. Gatnaşyjylar işlemäge, okyjylara döwrebap hyzmatlary etmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR