Bilimler dünýäsine ak ýol

Bilimler dünýäsine ak ýol

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň № 10-njy we №51-nji çagalar bagynda “Bilimler dünýäsine ak ýol” we “Kim bilmeşek” ýaly atlarda çagalar ertirligini geçirdiler. Bu ýerde hoş gal bakjam, kitap, mekdep, mugallym, ýaly şygyrlar okaldy. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ajaýyp ýurdumyzda belentden belent ýaňlanýan çaga sesleri alyslara ýaň salýar.


HABARLAR