Milli jebisligiň mizemez güwäsi

Milli jebisligiň mizemez güwäsi

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary şäheriň № 23-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Milli jebisligiň mizemez güwäsi” atly gürrüň geçirdiler. Mekdep okuwçylaryna Baş Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy hakynda şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Asuda, abadan, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.


HABARLAR