Arşyň nepisligi türkmen halysy

Arşyň nepisligi türkmen halysy

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda kümüş saçly enelerimiziň, hünärine ussat, çeper elli halyçy zenanlarymyzyň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlaryň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi türkmen halysy” atly duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Türkmen halysy-gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan bu baýram nesillerimiz üçin ajaýyp sungaty döreden baýramdyr. Häzirki eýýamda gadymy ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine we olaryň döreden gymmatlyklaryna wepalylygy, özboluşly milli dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar we bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen halysynyň nepisligini beýan edýär. Çykyşlarda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.


HABARLAR