,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Türkmenabat şäheriniň merekezi kitaphanasynda Türkmenabat şäheriniň 15-nji mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ,,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym-bedew batly şöhrat-şanly diýarym’’atly ýylyň adyna bagyşlap gürrüň geçirildi we giňişleýin kitap sergisi guraldy. Bu ýerde ýurdumyzda batly depginler bilen alynyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler, halkymyz bähbitli ýurdumyzda döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Gatnaşyjylar ýurdumyzda okamana, döredijilikli zähmet çekmäne döredilip berilýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag bolmagyny, tytýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.