“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli “Berkarar döwletiň bagtyýar nesli” ady bilen kitap sergisi guraldy. Bu ýerde edilen gürrüňler çeper okaýyşlar çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. Okuwçylar özlerniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.