Arassa ekologiýa-sagdyn ýaşaýyşyň gözbaşy

Arassa ekologiýa-sagdyn ýaşaýyşyň gözbaşy

Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny wagyz etmek maksady bilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, “Arassa ekologiýa-sagdyn ýaşaýyşyň gözbaşy” atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýurdumyzda ilatyň şu günki we geljekki sagdyn durmuşynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir diýip bellenildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Zemin gözelligi-ömri bezeýär” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.


HABARLAR