Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Saýat etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym – beýik ösüşleriň binýady”ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagy ugrynda ähli amatly şertleriň döredilýändigi, ylym ulgamyny dünýä derejesine, çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Gatnaşyjylar çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Ylym belent üstünlikleriň ýoly” atly guralan kitap sergisine syn etdiler hem-de ýurdumyzda döredilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.