Bedew bady bilen diňe öňe jan watanym Türkmenistan

Bedew bady bilen diňe öňe jan watanym Türkmenistan

,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ýylyna bagyşlap Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda Türkmenabat gurluşyk hünär-tehniki okuw mekdebiniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda ,,Bedew bady bilen diňe öňe jan Watanym Türkmenistan’’ ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlerimiz, gazanan üstünliklerimiz hakynda, häzirki wagt-da durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan guralan ,,Bedew batly Türkmenistan, dillerde dessan’’ atly kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gatnaşyjylar işlemäne, okamana döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR