Lebap welaýat kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk-türkmeniň mukaddes ýoly” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýardyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne,ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.