Kitap dostlugyň açary

Kitap dostlugyň açary

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar üçin “Kitap dostlugyň açary” atly söhbetdeşlik agşamyny gurnadylar. Bagtyýar çagalaryň dynç alyş döwründe her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilip, hyýaly başdan geçirmelere baý bolan kitaplary okamaklyk, kitaply dünýä syýahat etmeklik bilen wagtlaryny has-da täsirli geçimäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan eserleri uly joşgun bilen okalyp, edilen gürrüňler, çeper okaýyşlar, şeýle-de türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy . Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.


HABARLAR