“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy “Ajaýyp döwrümiň gül-gunçalary” ady bilen çagalar ertirligi geçirdi. Bu merkezde möwsümiň dowamynda yzygiderli kitap sergilerini guraýarys. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüsini artdyrmak, okaýyşa gyzklanma döretmegine uly ýardam berýär.