“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bir-birege ýakyn edip kalplary, medeniýetim birleşdirýär halklary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä welaýatymyzyň göreldeli suratçylary, talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Bu baýramçylygy ýylda belläp geçmek däbe öwrüldi. Medeniýet milletleriň her birine milli aýratynlyk, özboluşlulyk berýän, şol bir wagtyň özünde hem bitewüleşdirýän güýçligi barada täsirli gürrüňler berildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine we welaýat ýörite sungat mekdebiniň guran surat sergisine syn etdiler. Işlemäne, okamana döredip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.