“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň göreldeli, öňdebaryjy medeniýet işgärleri, görnükli şahyrlarymyz, döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarymyz, gatnaşdylar. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, hormatly Prezidentimiziň pähim – paýhasyndan dörän ruhy gymmatlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz ,,Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda ,,Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşme, adamzadyň akyl – paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr” diýip belleýär. Haýsydyr bir halk hakynda söhbet açylsa, öňi bilen onuň medeniýetiniň, sungatynyň, ruhy dünýäsiniň näderejededigi bilen baha berilýär. Her bir halk öz baý mirasynyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny birden döredäýmändir. Olar uzak asyrlaryň dowamynda döräp, kem-kemden kämilleşipdir. Aýdym – saz türkmen halkynyň eý görýän sungatlarynyň biridir. Müňýyllyklara uzaýan taryhy ýazgylar türkmen halkynyň aýdym – saz bilen bagry badaşan halkdygyna güwä geçýär. Sazyň aýratyn bir ylymdygyny, sungatdygyny dünýä ýaýan, aýdym –sazyň üsti bilen birnäçe sökellikleri, dertleri bejerip bolýandygyny ylmy esasda düşündiren, sanaç, rubab, kanon ýaly birnäçe saz gurallaryny döreden ussat Abu Nasr al-Faraby hem türkmendir. Şondan öňem, soňam halkymyzyň saz we saz sungaty bilen bagly bitiren işleri dünýä nusgalykdyr. Halkymyzyň döreden we ösdüren bu sungaty halklaryň kalbynda mekdep bolup ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz ,,Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda döwürleriň hem-de nesilleriň, taryhyň we häzirki döwrüň arabaglanyşygy, milli medeniýetimizde aýratyn orna eýe bolan bagşyçylyk mekdebi hakda çuňňur ylmy we filosofiki pikir ýöredilýär. Aýdym – sazlaryň halkymyzyň dünýägaraýşyna, özboluşly durmuş pelsepesine we ýaşaýyş – durmuş keşbine, akyl – paýhasyna täsir edendigi takyk ylmy maglumatlar bilen beýan edilýär. Bu beýik sungatyň aýdym – sazyň täze müňýyllykdaky wezipesi we ähmiýeti hakda hem has çuňňur durlup geçilýär diýip çykyşlarda aýratyn bellenildi. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Pyragynyň şygyrlary-jebisliiň senasy” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.