Bilim belent başlangyçlara badalga

Bilim  belent başlangyçlara badalga

Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilim belent başlangyçlara badalga” atly mowzuk agşamyny geçirdi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen birnäçe ýokary okuw jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary açylyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýaşlaryň ylyma, bilime bolan söýgüsini artdyrýar. Şu maksatdan ugur alyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim barada edýän atalyk aladalarynyň şaýadydyr. Çära ýaşuly nesliň wekilleri, kitaphana, bilim işgärleri gatnaşdylar. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Bilim kämillige badalga” atly kitap sergisi guraldy.


HABARLAR