Kitap – ruhy baýlyk. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurlygy, onuň adamzat durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşan ylym-bilimden ýüki ýetik danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirleri nesillerimize miras galdyrypdyr. Şeýle ajaýyp ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän kitaphanalar adamzadyň danyşmentliginiň ösmegine, jemgyýetde onuň kitaplara bolan isleglerini has-da artdyrmakda wagyz işlerini alyp barýar. Kitaphanalar ýurduň kitap baýlygyny toplamaga we olardan peýdalanmaga, şol toplanan ruhy hazyna arkaly döwletiň berkemegine, onuň durmuş ykdysady ösüşine bilimiň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ýokary basgançaklaryna galmaklaryna ýardam edýär.Ynsan ömrüniň zerur mukaddesligine çäksiz hormat goýup, onuň aly hezreti kitaby özüne hemişelik ýaran edinen hormatly Prezidentimiz täze döwrüň ruhy baýlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär we kitap kerweniniň, akyl gämisiniň şu günki hem geljekki nesillerimize mynasyp hyzmat etmegi üçin döwlet derejesinde uly işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, hormatly Prezidentimiziň pähim – paýhasyndan dörän ruhy gymmatlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Kitaphana işiniň kämilleşmegi, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrebap, ähli amatlyklary bolan, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan kitaphanamyzda okyjylarymyzyň ylym-bilim almaklyga, alan bilimlerini kämilleşdirmeklige isleglerini, talaplaryny öwrenip, döwrelaýyk hyzmatlar edilýär. Kitaphanamyzyň kitap gaznasy täze çap edilýän kitaplar we beýleki neşirýat önümleri bilen, her bir okyja elýeterli bolar ýaly yzygiderli Galkynyş kitap merkezi tarapyndan doldurylyp durulýar. Katalog, kartotekalaryň, dürli maglumatlaryň üsti bilen kitap gaznasynyň mazmuny giňden açylyp görkezilýär, okyjylara hyzmat etmekligiň usullary has-da kämilleşdirilýär. BEKU – ulagamyna okyjylary, gaznadaky edebiýatlary ýüklemek, kitaplary skaner etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýas. Welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri usuly iş kömeklerini bermek, ýerlerde işleriň gidişini seljermek maksady binen şäher, etrap kitaphanalaryň we olaryň şahamçalarynyň ählisinde iş saparynda bolýalar. Olaryň arasynda tiz-tizden okuwlary we okuw maslahatlary geçirýäler.