Owazyň belentden ýaňlansyn

Owazyň belentden ýaňlansyn

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Owazyň belentden ýaňlansyn” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler dogrysynda şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesiller üçin hem-de bütin dünýäde tutýan orny hakynda, halypalaryň ýaş kitaphanaçylara beren maslahatlary diňlenildi. Gatnaşyjylar ”Milli medeniýet – kämil mekdep” atly sergä syn etdiler. Ajaýyp döwürde türkmen medeniýetimizi dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!


HABARLAR