“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan_bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri çagalara okaýşa bolan höwesini we islegini artdyrmak maksady bilen Türkmenabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynda “Geliň kitap okalyň” atly gürrüň geçirdiler. Çagalara gyzykly ertekiler okap berlip, bäsleşikler gurnaldy. Körpeler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesil hakda uly aladalar edip, çagalaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ýurdumyzda döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlaryny aýtdylar.