Kitaphana - paýhaslar ojagy

Kitaphana - paýhaslar ojagy

Ynha şu günler ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hemde Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni uludan toýlanýar. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy mukaddes kitap we kitaphanalar hakynda söhbet edilende ilki bilen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döwlet derejesinde örän uly işler edýändigini guwanç bilen aýtmak bolar. Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Häzirki wagt-da welaýatymyzyň kitaphanalarynda meýilnama laýyklykda ýerlerde çagalara, ýaşlara, maýyplygy bolan adamlara, pensiýa ýaşyndaky adamlara kitaphana hyzmaty b/ça işleri alynyp barylýar. Kitaphana işiniň kämilleşmegi, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrebap, ähli amatlyklary bolan, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan kitaphanamyzda okyjylarymyzyň ylym-bilim almaklyga, alan bilimlerini kämilleşdirmeklige isleglerini, talaplaryny öwrenip, döwrelaýyk hyzmatlar edilýär. Kitaphanamyzyň kitap gaznasy täze çap edilýän kitaplar we beýleki neşirýat önümleri bilen, her bir okyja elýeterli bolar ýaly yzygiderli Galkynyş kitap merkezi tarapyndan doldurylyp durulýar. Katalog, kartotekalaryň, dürli maglumatlaryň üsti bilen kitap gaznasynyň mazmuny giňden açylyp görkezilýär, okyjylara hyzmat etmekligiň usullary has-da kämilleşdirilýär. Kitaphanada meýletinçiler toparynyň agzalary bilen meýilnamalaýyn işleri yzygiderli alynyp barylýar, olary höweslendirmek boýunça minnetdarlyk haty we sowgatlat bilen sylaglaýarys. BEKU – ulagamyna okyjylary, gaznadaky edebiýatlary ýüklemek, kitaplary skaner etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýas. Welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri usuly iş kömeklerini bermek, ýerlerde işleriň gidişini seljermek maksady binen şäher, etrap kitaphanalaryň we olaryň şahamçalarynyň ählisinde iş saparynda bolýalar. Olaryň arasynda tiz-tizden okuwlary we okuw maslahatlary geçirýäler.


HABARLAR