Seýitnazar Seýdi – watançy şahyr!

Seýitnazar Seýdi – watançy şahyr!

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda “Seýitnazar Seýdi-watançy şahyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige welaýatymyzyň göreldeli, öňdebaryjy medeniýet işgärleri, görnükli şahyrlarymyz, döredijilik bilen meşgullanýan edebi-mirasymyzy öwrenýän alymlarymyz gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýetynda harby watançylyk lirikasynyň ussady Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi,şahyr bilen baglanyşykly täze tapyndylar barada gyzykly we täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Watan üçin çykdym Gyrat üstüne” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Çykyş edenler we çärä gatnaşyjylar medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR