Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde ösüp gelýän ýaş nesliň kadaly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin dürli şertler döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy” atly sport medeni çäresi geçirildi. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary bu medeni çäräniň dowamynda kitap sergisini gurap, çagalara gyzykly kitaplary okap, sorag-jogap alyşdylar we olaryň arasynda çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirdiler. Dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.