“Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy”

“Watan – biziň başymyzyň  penasy,  Watan – nesilleriň ýürek senasy”

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy” atly brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadaymyzyň we Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurup we döredip, innowasiýalary özleşdirip, ösüş ýoly bilen öňe barýar. Gelejegi nurana gapylary açýan şol ýollarda ýaşlary uly orun degişlidir. Watan mukaddesligine düşünip, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize buýsanýan hem-de nurana geljegimize ynanýan ýaşlar ýurduň geljegidir. Bu barada Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda aýratyn nygtap, ýurdumyzyň häzirki wagtda dürli ugurlarda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler!


HABARLAR