Lebap welaýat kitaphanasynda, welaýatyň medeniýet müdirliginiň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda Garaşlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly, at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýdyp, bu baradaky ýörite resminama gol çekmegi esasynda, ýurdymyzda behişdi bedewlerimiz bilen baglanşykly dabaralara badalga berildi. Şu ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralary, ýokary derejede geçirmek, halkymyzyň milli buý-sanjy bolan ahalteke bedewlerini wasp etmek, onuň şanyny dünýä ýaýmak boýunça dabaraly mejlisiň geçirilmegi, berkarar Diýarymyzda milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewlerine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylda ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasyndan pursatlaryň görkezilmegi,bu taryhy dabarda Gahryman Arkadagymyzyň özüne sowgat berlen Miras atly bedewine atlanyp, şanly baýram mynasybetli geçirilýän toýlary synlamagy, şanly baýrama bagyşlanan çäreleriň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy bilen utgaşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara ak ýol arzuwlamagy, türkmen bedewleriniň bagtyýar durmuşa,toý-baýramlara bezegdigini, badalgadygyny dünýä jar etdi. “At agynan ýerinde toý bolar”diýilşi ýaly bu wakalar halkymyzyň beýik paýhasyny, öňdengörüjiligini Gahryman Arkadagymyzyň keşbinde jemläp, ýene bir ýola bütin dünýä äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň keşbinde halkymyza, behişdi bedewlere egsilmez söýgi, atşynaslara belent sarpa bar. Şeýle pursatlarda,göwnüňe bolmasa, halkyny çyn ýürekden söýýän Milli Liderimiz öz söýgüsini bedew atlaryň üsti bilen ýene bir ýola bütin dünýä buşlaýan ýaly bolup göründi diýip çykyşlarda bellenildi. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler!