Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri şäheriň 48-nji çagalar bagynda körpejeler bilen “Jadyly ertekiler” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.