Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy

Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde ösüp gelýän ýaş nesliň kadaly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin dürli şertler döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy tarapyndan Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy” atly medeni çäresi geçirildi. Kitaphanaçylar hem bu medeni çäräniň dowamynda kitap sergisini gurap, çagalara gyzykly kitaplary okap sorag-jogap alyşdylar we olaryň arasynda çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirdiler. Çäräniň ahyrynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


HABARLAR