Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda geçiriljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti we öňde goýýan wezipeleri” atly maslahat geçirildi. Ählihalk dabaralary şu günler ildeşlerimiziň her biriniň baýramçylyk şatlyyny goşalandyrýar. Bu şanly seneleri amala aşyrylan hem-de gazanylan işleriň netijelerini jemlemek hökmünde däl-de, eýsem, täze maksatlara wezipelere, häzirki döwrüň belentliklerine tarap özboluşly köpri höhmünde baha berilýär. Masahatda edinlen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler her biri ulgamda sanardan juda kändigi uly buýsanç bilen bellenildi. Maslahata gatnaşanlaryň her biri Il –günümizi sapaly döwre, toýly-baýramly günlere ýetiren, halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmeini tüýs ýürekden arzuw etdiler!